DÜNÝÄ

Maduro täzeden prezidentlige saýlandy

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro ýurtda geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, täzeden döwlet baştutanlygyna saýlandy.

Bu barada Wenesuelanyň Milli saýlaw geňeşiniň başlygy Elwis Amoroso habar berdi. Saýlaw geňeşiniň beýanaty ýurduň ähli teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp berildi.

Wenesuelanyň Milli saýlaw geňeşiniň başlygy Elwis Amorosonyň maglumatyna görä, saýlawçylarynyň sesleriniň 80 göterimi sanaldy we ýurduň häzirki Prezidenti Maduro ses berenleriň sany 51.2 göterime deň oldy.

Maduronyň bu saýlawdaky esasy garşydaşy Edmundo Gonsalese ses berenleriň sany 44.2 göterime barabar boldy.

Related posts

3 Haziran-Dünya Bisiklet Günü

vepa

Türkmenistanda täze kanunlar kabul edildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler