JEMGYÝET

Serdar Rahymow ilkinji garşydaşy Edmilson Pedrony ýeňdi

Şu günler Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlary uly şowhun bilen dowam edýär. Dünýäniň 206 döwletinden, şol sanda Türkmenistan döwletimizden hem türgenler bu ýaryşda baýrakly orunlar üçin bäsleşýärler.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan ilkinji bolup, dzýudo sporty boýunça bu Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Serdar Rahymow 66 kilogram agramda bäsleşip, ilkinji garşydaşy Angolanyň raýaty Edmilson Pedrony 10:1 hasabynda utdy.

Mundan soňra ildeşimiz Serdar Rahymowyň garşydaşy braziliýaly Willian Lima bolar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby S.Rahimowa bu halkara ýaryşynda üstünlik arzuw edýäris!!!

Related posts

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine kazy bellendi

Ata Watan Eserleri

Daşary işler ministrleri : Üçtaraplaýyn duşuşyk başlaýar

Ata Watan Eserleri

Nýu-Ýorkda durnukly ulag ulgamy boýunça çäre geçirildi