JEMGYÝET

Premýer-ministr Şehbaz Şarif: TOPH gaz geçirijisi çaltlandyrylar

Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministr Şehbaz Şarif Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň möhletinden öň tamamlanjakdygyny aýtdy. Bu barada Pakistanyň metbugaty habar berýär.

Premýer-ministr Şehbaz Şarif sebitleýin hyzmatdaşlygyň we arabaglanyşygyň möhümdigini belläp, Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň möhletinden öň tamamlanmagyna ygrarlydygyny tassyklady.

Şu gün Yslamabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministr Şehbaz Şarif Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda  Şehbaz Şerif türkmen kompaniýalaryny Pakistanyň geljegi uly maýa goýum ýagdaýyndan peýdalanmaga çagyrdy we öz ýurdunyň degişli edaralarynyň daşary ýurt maýadarlaryna ýurduň dürli pudaklaryna maýa goýmagy ýeňilleşdirmekde aýratyn tagalla edýändigini belledi.

Şehbaz Şarif, iki ýurduň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Pakistan-Türkmenistan ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň 3-nji tapgyrynyň geçirilmegine kanagatlanma bildirdi we iki ýurduň arasyndaky ähli institusional mehanizmleriň yzygiderli işlenmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle hem, Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda, ykdysady, maýa goýum we medeni gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

Premýer-ministr şu aýyň başynda Astanada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyny ýakymly ýatlamalar bilen ýatlady we Gurbanguly Berdimuhamedowy Pakistanda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar