SPORT

Kopa Amerikanyň finaly: Argentina-Kolumbiýa

Amerika yklymynda ABŞ-da dowam edýän Kopa Amerika kubogynda hem nobat final duşuşygyna geldi. Bu ýaryşda-da ýarym final duşuşyklary geçirildi. Ilkinjisinda, Argentina Kanadyny 2:0 hasabynda utan bols,a ikinji duşuşykda Kolumbiýa bir oýunçy azdygyna garamazdan, Urugwaýy 1:0 hasabynda utup, finala çykdy.

Urugwaýyň milli ýygyndysy bu gezek hem ýeňlip, 13 ýyldan bäri Kopa Amerikada finala çykyp bilmän gelýär. ABŞ-nyň Şarlotta şäheirniň “Bank of Amerika” stadionynda geçirilen duşuşykda Kolumbiýa üstünlik gazandy.

Şeýlelikde, final duşuşygynda Lionel Messili Argentina Kolumbiýa bilen duşuşar. Final duşuşygy 15-nji iýul ir sagat bilen 05:00-da geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, Argentina bu kubogy soňky gezek gazanan milli ýygyndydyr. 2021-nji ýylyň finalynda Argentina Braziliýany Anhel Di Mariýanyň ýeke-täk goly bilen ýeňip, kubogy gazanypdy.

Kopa Amerika kubogyny iň köp gazanan ýygyndylar Argentina bilen Urugwaýdyr. Her iki milli ýygyndy 15 gezek bu kubogy gazandy.

Related posts

Niko Uilýams “Atletiko” toparynda 10 ýyl galýar

Koutinýo täzeden Angliýa dolanyp biler

Futbol – ägirt uly ykdysadyýet