SPORT

Argentina Kopa Amerikada finala çykdy

Amerika yklymynda Kopa Amerika atly halkara ýaryş hem ahyrlap gelýär. Argentinanyň milli ýygyndysy Kopa Amerikada finala çykdy. Ýarym finalda Argentina Kanadanyň milli ýygyndysyny 2:0 hasabynda utdy.

Bu duşuşykda Argentinanyň ýyldyzy Lionel Messi tapawutlanyp, bu ýaryşda ilkinji goluny geçirdi. Argentinanyň ýygyndysy finalda Urugwaý bilen Kolumbiýanyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Final duşuşygy 15-nji iýula geçilen gije ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Maýami-Gardens şäherinde geçiriler.

Amerikanyň Kubogy ýaryşy 15-nji iýulda tamamlanar. Bu yklymyň milli ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýaryş 4 toparçada gurnaldy. Her toparçadan 2 güýçli topar pleý-off tapgyryna çykdy.

Kopa Amerika hökmünde tanalýan bu ýaryşy soňky gezke kubogy Argentina alypdy.

Related posts

Mbappe Pariž toparyndan gidýär

Dünýäniň iň köp girdeji gazanýan futbolçylary…

Italiýaly derwezeçi Donnarumma «Mançester Siti» klubyna geçýär

Ata Watan Eserleri