DÜNÝÄ

Beýik Britaniýada täze hökümet düzüler

Beýik Britaniýada geçirilen parlament saýlawlarynda Leýborist partiýasy ýeňiş gazandy we bu partiýa ýurduň täze hökümet düzümi düzer.

Leýborist partiýasy ýurduň parlamentinde zerur bolan orny eýelemegi başardy. Partiýanyň ýolbaşçysy Kir Starmer Beýik Britaniýanyň nobatdaky Premýer-ministri bolar.

Häzirki Premýer-ministr Rişi Sunagyň partiýasynyň saýlawlarda ýeňlişe sezewar bolandygyny mälim etdi.

Kir Starmeriň partiýasy 410 deputat bilen Beýik Britaniýanyň parlamentinde has köp orun aldy. Konserwatiwler partiýasynyň deputatlarynyň sany 131-e çenli azalar.

Liberal-demokrat partiýasynyň orun sany bolsa 61 deputat deň bolar.

Related posts

Türkmenistan-Gyrgyzystan:nebitgaz pudagyndaky taslamalar maslahatlaşyldy

Marynyň ýaşyl jemgyýeti Amerikan-Türkmen EKO-Festiwaly üçin ýygnandy

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň Prezidenti Türkiýede saparda boldy