DÜNÝÄ

Beýik Britaniýada parlament saýlawlary geçirilýär

Şu gün Beýik Britaniýada parlament saýlawlary egçirilýär. britanlylar parlamentiň täze düzümini kesgitlemek üçin ses berýärler.

Saýlaw uçastoklary irden ýerli wagt bilen 07:00-da açylyp, 22:00-da ýapylýar. Britan parlamenti 5 ýyl möhlet bilen saýlanýar. 650 orunlyk parlamentden 326 orun gazanan partiýa saýlawlarda ýeňiş gazanýar.

Garaşylyşyna görä, anna güni irden saýlawda ýeňiş gazanan partiýanyň ýolbaşçysy Bukingem köşgüne baryp, Patyşa Karl III täze hökümeti düzmäge taýýardygy barada hasabat berer.

Saýlawlaryň öňýanyndaky pikir soraşmalara görä, Rişi Sunagyň ýolbaşçylygyndaky Konserwatiw partiýasy bilen Kir Starmeriň ýolbaşçylygyndaky Leýborist partiýanyň arasynda bäsdeşlik bolar.

2010-njy ýyldan bäri, konserwatiw partiýasy ýeňiş gazanyp, ýurduň hökümetinde orun alyp gelýär.

Related posts

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1 aý dynç alar

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider, toplu konut açılışına katıldı

vepa

Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýlaryň çalt kadalaşdyrylmagynyň tarapdary