IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Tagtabazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 10-njy iýulynda Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginiň çäginde ýerleşýän 20-nji orta mekdebinde sagat 10:00-dan 12:00-ä çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşligi

Habarlaşmak üçin:

800568-52-1-05

Ýene-de okaň

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär

“PETRONAS Çarigali”: ökde hünärmenleri işe çagyrýar

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy: biz iş tejribeligine çagyrýarys!

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan boş iş orny

Görogly etrabynyň prokuraturasynyň edara binasynyň gurluşygy üçin bäsleşik

Adalat ministrliginiň adalat edaralaryny gurmak boýunça bäsleşik