BIZNES

Türkmenistan Abu-Dabide söwda we maýa goýum forumyny gurnar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Forumyň 4 — 7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär.

Dünýäniň ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini göz öňünde tutup, giň gerimli halkara gözden geçirilişiň meýdançasynda maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini guramak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar