BIZNES

Türkmenistanyň wekilleri Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 26 – 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň maslahatyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynda iş saparynda boldy.

Halkara maslahata Türkmenistanyň wekiliýeti bilen bir hatarda Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň, synçy-agza hökmünde gatnaşýan ýurtlaryň wekilçilikli toparlary gatnaşdylar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň agzalygyna şu ýylyň mart aýynda kabul edildi. Ýurdumyzyň wekiliýeti bu mejlise guramanyň degişli birleşigine doly hukukly agza hökmünde ilkinji gezek gatnaşdy.

 Nobatdaky forumyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigi we Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan forumyň çäklerinde Türki döwletleriň guramasynyň halkara işewürlik maslahaty hem geçirildi.

Related posts

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň başlygy bilen duşuşyk