JEMGYÝET

Ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalar gowşuryldy

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde uçurymlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

2023-2024-nji okuw ýylynda ýaşlarymyzyň müňlerçesi orta mekdepleri tamamlady. Jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran ýaşlar orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň eýeleri boldular. Şu mynasybetli mekdeplerde guralan dabaralarda çykyş eden mugallymlar, il sylagly ýaşulular uçurymlara geljekki özbaşdak durmuşynda uly üstünlikleri arzuwladylar, ulus-ilimize wepaly bolmagy sargyt etdiler. Uly ruhubelentlige beslenen dabaralar aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

Bagtyýar ýaşlaryň her biriniň ajaýyp arzuwy bar. Olaryň aglabasy bilimini ýurdumyzyň, ýene bir topary daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirmäge höwes edýär. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilendir.

Biz hem “Atavatan Türkmenıstan” halkara žurnaly hökmünde ýaşlara durmuşda uly üstünlikleri, maksatlarynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

2021: “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” saýlandy

Ata Watan Eserleri

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dynç alşa açylýar

Ata Watan Eserleri