Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew bilen Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministri Arman Şakkaliýewiň arasyndaky duşuşyk Astana şäherinde geçiriler. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gazagystanyň degişli ministrliginiň habar bermegine görä, 2023-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy 28,4 göterim artyp, 563.1 million dollara deň boldy. Bu duşuşygyň çäklerinde ministrler söwdanyň möçberini we onuň okgunly ösüş depginini üpjün etmek babatda tagallalaryň edilmegi babatda ylalaşdylar.
Gazagystanyň gaýtadna işlenýän önümleriniň eksportuna Türkmenistanyň bazarynda uly gyzyklanmanyň bardygy, Türkmenistana ekpsort etmegiň mümkinçiliginiň 120.3 million dollara deňdigi bellenildi.
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew öz gezeginde iki ýurduň arasyndaky söwda möçberini artdyrmaga taýýardyklaryny belläp, serhetýaka sebitlerde söwda öýleriniň açylmagyny teklip etdi. Ministriň bellemegine görä, munuň hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrmagyna goşmaça itergi berer.
Taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda özara bähbitlilik we ynama esaslanan ýörelgeler esasynda hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ösdürmegi dowam etdirjekdiklerini bellediler.