Özbegistanyň Hywa şäherinde 2024-nji ýylyň 31-nji maýy-2-nji iýuny aralygynda “Hywa – 2024-nji ýylda yslam dünýäsiniň syýahatçylyk şäheri” atly syýahatçylyk ministrleriniň XII mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Huseýn Ibragim Taha, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri, Özbegistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Aziz Abduhakimow, köp snaly ýokary derejeli wekiliýetler, ýerli we daşary ýurtly metbugat wekilleri gatnaşdy.
Maslahatda yslam syýahatçylygyny ösdürmek, wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek, maýa goýumlaryny höweslendirmek, yslam syýahatçylyk ýerlerini tanatmak, işgärleri taýýarlamak we standartlaşdyrmak arkaly özara syýahat akymyny ýokarlandyrmak üçin strategiki ýol kartasynyň durmuşa geçirilmegi kesgitlenildi.
Bu forumyň çäklerinde Türkmenistandan medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen Özbegistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Aziz Abduhakimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen Özbegistanyň Horezm sebitiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek babatda maksatnama gol çekmek babatda ylalaşdylar.