DÜNÝÄ

Ärdogan: Türkiýe ilkinji gezek Ýewropa tebigy gaz eksport edip başlady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soňra beren beýanatynda Türkiýäniň ilkinji gezek Ýewropa tebigy gaz eksport edip balandygyny habar berdi.

Onuň bellemegine görä, “BOTAŞ” türk kompaniýasy Ýewropanyň 3 ýurduna – Bolgariýa, Wengriýa we Rumyniýa tebigy gaz eksportuna başlady. Şeýlelikde, biz ilkinji gezek goňşumyz bolmadyk 2 Ýewropa döwletine tebigy gaz eksport edýäris, diýip Prezident Ärdogan Wengriýa we Rumyniýa barada belläp geçdi.

Türkiýäniň Prezidenti ýurduň çägindäki tebigy gaz ýataklaryny özleşdirmegiň hasabyna öz öndürýän tebigy gazy bilen 2 milliona hojalygy ýangyç bilen üpjün etmek mümkinçilgine eýe bolandyklaryny aýtdy.

 

Related posts

Ermenistan, Aşkabat’ta ticaret evi açacak

vepa

Türkmenistan Halkara zähmet maslahatynyň sessiýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider: Türkmenistan ile Azerbaycan enerji sektöründe lider

vepa