DÜNÝÄ

Narendra Modi ýene-de parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda 40 günden gowrak wagt dowam eden saýlaw tamamlandy. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň ýolbaşçylygyndaky “Bharatiýa janata parti” Hindistanyň Halk partiýasynyň Milli demokratik bileleşigi Hindistanda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

Ýurduň Saýlaw toparynyň habaryna görä, Modiniň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Hindistanyň parlamentinde has köp orun aldy. Premýer-ministriň partiýasynyň parlamentdäki orunlarynyň sany 273-e deň boldy.

Hindistanda geçirilen saýlawlarda 642 million saýlawçy ses berdi. Bu rekord görkeziji.

Ýurtdaky çylşyrymly saýlaw ulgamynda saýlawçylar 19-njy, 26-njy aprelde, 7-nji, 13-nji, 20-nji, 25-nji maýda we 1-nji iýunda ses beripdiler.

Related posts

ABŞ-nyň Prezidenti Türkmenistan üçin täze ilçi dalaşgärini kesgitledi

Ata Watan Eserleri

Gyrgyzystanyň ilkinji milli emeli hemrasy orbita çykaryldy

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk ýatlanyldy