SPORT

Türkmenistanyň tennis toplumy Aziýanyň tennis boýunça sebit merkezi boldy

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýa tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynyň “Tennis boýunça sebit merkezi” diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy.

Dabaraly çärä Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaş türgenler we çagalar gatnaşdylar.

Dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi. Indi Merkezi Aziýa sebitindäki bu iň iri sport desgasy giň gerimli sport ýaryşlaryny geçirmäge, şeýle hem türgenleri taýýarlamaga we saglygyny berkitmek isleýänleriň ählisine hyzmat edýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady