Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşdy.
Duşuşykda ýene-de bir gezek Eýranyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň, daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdollahianyň we beýleki resmi adamlaryň dikuçar heläkçiliginde aradan çykandygy üçin çuňňur gynanç bildirildi.
Türkmen tarapy bu hadysanyň ähli tükrmenistanlylaryň ýüreginde uly gynanç duýgusyny döredendigi we eýran tarapyna zerur bolan kömegi bermäge taýýardyklaryny mälim etdi.
