DÜNÝÄ

Eýranyň daşary işler ministriniň wezipe borçlary orunbasarynyň üstüne ýüklendi

Şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiliginde Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen bilelikde aradan çykan Eýranyň daşary işler ministri Huseýn Amir Abdollahiýanyň wezipe borçlary onuň orunbasry Ali Bageri Kaniniň üstüne ýüklendi.

Bu barada ýurduň hökümetiniň metbugat sekretary Ali Bahadori Jahromi habar berdi.

Onuň bellemegine görä, bu barada şu gün ýagny 20-nji maýda geçirilen Eýranyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli çözgüt kabul edildi. Ali Bageri Kani ýurduň hökümetiniň daşary aragatnaşyklar komitetiniň jogäprkäri hökmünde bellenildi.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Günorta Koreýadaky duşuşyklary

Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Gyrgyzystan Türkmenistana täze ilçi belledi