MEDENIÝET

“Daragt” filmi Çeboksar halkara kinofestiwalyň bäsleşik maksatnamasyna goşuldy

Russiýa Federasiýasynyň Çuwaş Respublikasynyň Çeboksar şäherinde 23-29-njy maý aralygynda XVII Çeboksar halkara kinofestiwaly geçiriler we festiwalyň resmi maksatnamasy yglan edildi.

Şoňa laýyklykda, bu halkara festiwalyň bäsleşik maksatnamasyna türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň “Daragt” atly çeper filmi hem goşuldy.

2023-nji ýylda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen bu film türkmen maşgalasynyň durmuşyny açyp görkezýär.

Kinonyň esasy pursatlaryny 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky wakalara emele getirýär. Köp sanly meýletinçiler bilen bir hatarda bu filmiň baş gahrymanynyň adamsy hem urşa gidýär. Oňa bolsa, maşgala ojagyny saklap, köp ýyllaryň dowamynda oňa garaşmak galýar.

Durmuşy wakalary özünde jemleýän “Daragt” çeper filmi 27-nji maýda bu kinofestiwalyň çäklerinde görkeziler.

Halkara kinofestiwalda döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary we çagalar üçin köp sanly filmleriň görkezilişi bolar.

XVII Çeboksar halkara kinofestiwalyna hödürlenen ähli filmler surata düşürilen resmi dilinde görkeziler. Festiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarays bolsa, Çuwaş döwler filarmoniýasynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär