SPORT

Dünýäniň iň gowy toparlarynyň sanawy düzüldi

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) dünýäniň iň gowy toparlarynyň sanawyny täzeledi. Sanaw 2023-nji ýylyň 1-nji maýyndan 2024-nji ýylyň 30-njy apreline çenli bolan senelere esaslanýar. Sanawa görä, dünýäniň iň gowy toparlarynyň öňdebaryjysy Angliýanyň “Mançester Siti” topary boldy.

Bir döwürler Lionel Messi oýnan döwründe öňdäki orunlary eýeleýän Ispaniýanyň “Barselona” topary 10-njy orny eýeläp, Italiýanyň “Atalanta”, “Roma”,  Germaniýanyň “Baýer” toparlaryndan yzda galdy.

Germaniýanyň “Baýer” topary sanawda 3-nji orny aldy. Bu üstünlik toparyň 50 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýän şowlulygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Şeýle hem sanawdaky ilkinji onlukda “Palmeras” toparynyň hem bardygy üns çekýär. Sebäbi ilkinji onlukdaky “Palmerasdan” başga ähli toparlar Ýewropa yklymynyň ýurtlarynyň toparlarydyr.

Sanawda ilkinji onluga giren toparlar şeýle:

  1. “Mançester Siti” (Angliýa)
  2. “Real Madrid” (Ispaniýa)
  3. “Baýer” (Germaniýa)
  4. “Inter” (Italiýa)
  5. “Bawariýa” (Germaniýa)
  6. “Roma” (Italiýa)
  7. “Palmeras” (Braziliýa)
  8. “Atletiko Madrid” (Ispaniýa)
  9. “Atalanta” (Italiýa)
  10. “Barselona” (Ispaniýa)

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady