MEDENIÝET

Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy baýramçylyk feýerwerki bilen utgaşar

Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy uly şowhuna beslener. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.

Meýilleşdirilen dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada habar berildi. Çäräniň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar.

Dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahata hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede birnäçe dabaraly çäreleriň, maslahatlaryň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz 17-nji maýda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, wise-premýere dabarany hem-de halkara çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi