Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlaryn aralygynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi. Bu barada Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde kabul edilen kanunlaryň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzirki wagtda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak, ykdysadyýetini, oba hojalygyny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Geçen döwürde Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde duşuşyklaryň 13-si geçirildi.
Mundan başga-da, deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 30-dan gowragyna gatnaşdylar.
