BIZNES

Türkmen-eýran söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky haryt dolanyşynyň möçberi 450 million dollara deňdir. Ýöne bu ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini artydrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Bu barada Eýranyň söwda, senagat, dag-magdan senagaty we oba hojalygy edarasynyň ýolbaşçysy Samad Hassanzade Tähranda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.

Hassanzadeniň bellemegine görä, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň giňelmegi iki ýurduň arasynda artykmaç söwda ulgamynyň döredilmegine baglydygyny belledi.

Şeýle hem ol syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

– Eýran Türkmenistanyň senagat, dag-magdan senagaty we oba hojalygy ýaly ulgamlardaky zerurlyklaryny kanagatlandyryp biler – diýip, Hassanzade belledi.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwdany ösdürmek üçin mümkinçilikleriň köpdügine ünsi çekip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ikitaraplaýyn söwdany giňeltmek üçin tagalla etmäge taýýardygyny belledi.

Häzirki wagtda Tähranda dowam edýän “Iran Expo 2024” sergisiniň guramaçylygyna ýokar baha berip, Gurdow Türkmenistanda hem şeýle iri ykdysady gözden geçiriliş çäreleriniň geçirilýändigini belläp, Aşgabadyň eýranly işewürleri şeýle çärelerde görmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

Türkmen-horwat işewürlik forumy geçiriler

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar

Hytaý kagyz demir ýol biletlerinden ýüz öwürdi

Astrahan – Türkmenbaşy göni howa gatnawy mümkinçiligine garaldy