SPORT

Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Bişkek şäherinde gurluşygyna badalga berlen “Bishkek Arena” futbol stadiony barada habar berdi. Onuň bellemegine görä, bu stadion Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony bolar.

Täze taslama babatda gyrgyz halkyna ýüzlenen Prezident Sadyr Žaparow şeýle diýdi:

Merkezi Aziýadanyň iň uly we ajaýyp stadionynyň gurluşygna başlandy. Ýene-de 2 ýyldan onuň açylyş dabarasyny geçireris. Ol 45 müň orunlyk bolup, Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony bolar. Stadion gyrgyz medeniýetiniň möhüm bölegi bolan gyrgyz gara öýlerine meňzeş dizaýnda gurlar.

Şeýle hem onuň çäklerinde 3600 awtoulaga niýetlenen ýapyk duralga gurlar. Bu ýerde diňe bir stadion däl, 35 müň inedördül meýdanda sport dükanlary we söda merkezi bolar.

Stadionda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de FIFA-nyň toparçadaky duşuşyklaryny geçirmek üçin ähli mümkinçilikler dörediler.

Related posts

Türkmenistan «Ýüpek ýoly-2023» halkara rallisine gatnaşýar

Amerikaly türgen öz rekordyny täzeledi

Germaniýanyň täze hüjümçisi Angliýada oýnar

Ata Watan Eserleri