JEMGYÝET

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa saparyna başlady

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolar. Bu barada Beýik Britaniýanyň “Independent” neşiri habar berýär.

Dewid Kemeronyň bu sapary Merkezi Aziýa bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwrüň başlangyjy hökmünde kabul edilýär. Onuň Täjigistana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Türkmenistana, Gazagystana we Mongoliýa saparlary göz öňünde tutuldy.

Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Merkezi Aziýa sebitine sapary Beýik Britaniýanyň sebitiň ýurtlary bilen söwda, howpsuzlyk we ekologiýa ugurlarda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

22-nji aprelde Dewid Kemeron Täjigistana sapar bilen bardy. Ol ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Daşary işler ministri Kemeron duşuşykda eden çykyşynda söwda, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň giň mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Şeýle hem ol Täjigistanda saparda bolan ilkinji Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri bolmakdan hoşaldygyny bellän Kemeron munuň üçin has köp wagt gerek bolandygy üçin hem gynandygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda desgalaryň 220-den gowragy gurulýar

BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynda Türkmenistanyň agzalygy

Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Eswatini Patyşalygyna sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryny hünär baýramy bilen gutlady

Kristiano Ronaldo Türkmenistana geler: 11-nji fewralyň taryhy agşamy

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady