SPORT

«Galkan» – «Ice Box Iran Mall»: 13:1

Şu gün Türkmenistanyň «Galkan» topary Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çägindäki üçünji duşuşygyny geçirdi. Eýranyň «Ice Box Iran Mall» hokkeý klubunyň garşysyna geçirilen duşuşyk türkmen topary ýene-de bir ynamly ýeňşini, ýagny 13:1 hasabynda ýeňiş  gazandy.

Munuň «A» toparçada çykyş edýän türkmen klubunyň üçünji ýeňşidigini ýatladýarys. Çünki birinji duşuşygynda Bahreýn Patyşalygynyň «Bahrain Ice Hockey Club» toparyny 8:1 hasabynda ýeňen ildeşlerimiz ikinji oýnunda Oman Soltanlygynyň «Oman Nationals» klubundan bolsa, 15:1 hasabynda üstün çykdy.

«Galkan» hokkeý kluby halkara ýaryşyň çägindäki nobatdaky duşuşygyny 18-nji aprelde geçirer. Ertir 10:00-da başlanjak duşuşykda türkmen kluby Özbegistan Respublikasynyň «Feniks» toparynyň garşysyna çykar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler