DÜNÝÄ

Oleg Kononenko Kosmonawtika güni bilen gutlady

Her ýyl 12-nji aprelde Russiýa Federasiýasynda Kosmonawtika güni bellenýär. 63 ýyl mundan ozal, kosmos orbitasynda “Men Ýeri görýärin! Ol gök” diýen sesler ýaňlandy.

Kosmos giňişligi durmuşyň bir bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda Halkara kosmos bekedinde kosmonawtlar zähmet çekýärler, biziň ajaýyp planetamyzyň suratlaryny düşürip iberýärler, kosmos öýünde amala aşyrýan ylmy-barlaglaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirýärler.

Öňler bize has daş bolup görünýän, kosmos giňişligi häzirki döwürde barha golaýlaşýar. Kosmos syýahatçylygy amala aşyrylyp başlandy.

Häzirki wagtda Halkara kosmos bekedinde dünýäniň birnäçe ýurdunyň, şol sanda  Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko zähmet çekýär.

Oleg Kononenko hem öz gezeginde Kosmonawtika güni bilen gutlady.

– Üstümizdäki ýylda adamzat üçin kosmos eýýamyny açan Ýuri Alekseýewiç Gagariniň 90 ýyllygyny belelýäris. Ýer şarynyň ilkinji kosmonawtyny ady dünýä taryhynda hemişelik orun aldy. Biz muňa buýsanýarys we kosmonawtika pudagyny ösdürýäris. Biz tejribeli kosmonawtlarymyzyň başlan işini mynasyp dowam ederis – diýip, Oleg Kononenko gutlag hatynda belläp geçdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri