MEDENIÝET

Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň 1-nji tapgyry geçirildi

11-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly gözellik bäsleşiginiň 1-nji tapgyry geçirildi.

Ýylyň-ýylyna Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu gözellik bäsleşigine Gadymy, Görnükli, Edermen, Gezerli, Meleguş, Arçman ýaly arassa ganly ahalteke atlarynyň 40-ysy gatnaşdy.

Gözellik meýdançasynda bäsleşigiň şertlerine laýyklykda ahalteke bedewleriniň asyl nusgaly syn-sypatyna, beden gurluşyna we reňkine, beden agzalarynyň sazlaşygyna eminler topary 10 bala çenli öz bahalaryny berdiler. Şeýlelikde, eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan atlaryň 20-si «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Related posts

Narendra Modi “Gremmi” baýragyna dalaşgär görkezildi

Ady ýüreklere ýazylan şahyr

“Gyzyl kürte” filmi “Merkezi Aziýanyň iň gowy filmine” dalaşgär görkezildi