Şu ýylyň 1-7-nji apreli aralygynda Özbegistanyň Nukus şäherinde serhet çäklerini kesgitlemek boýunça türkmen-özbek iş toparynyň nobatdaky duşuşygy guraldy. Özbegistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen habarda duşuşygyň toparyň alyp barýan işleriniň dowamyna öwrülendigi öz beýanyny tapýar.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlsine görülýän taýaýrlyk barada pikir alşyldy.
Duşuşyk dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi. Duşuşykdan soň bu ýerde degişli Teswirnama gol çekildi.
Berlen habara görä, mundan soňky duşuşyk Türkmenistanyň çäginde geçiriler.
