DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasy ýene-de bir ýurda wiza düzgünini girizdi

Türkiýe Respublikasy ýene-de bir ýurda wiza düzgünini girizdi. Ol hem Täjigistan Respublikasy boldy. Mundan beýläk, Täjigistanyň raýatlaryndan Türkiýe Respublikasyna baranlarynda wiza talap ediler.

Bu baradaky kararnama Türkiýäniň resmi gazetinde çap edildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gol çeken kararnamasynda şeýle diýilýär:

” Täjigistanyň pasportunyň eýesi bolan raýatlarynyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrjak syýahatlarynda göz öňünde tutulan wiza ýeňilligiň ýatyrylmagy  6458 belgili Daşary ýurtlular we halkara howpsuzlyk kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda karar berildi”.

 

Related posts

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

BRIKS sammiti başlady

Jemgyýetçilik ulaglary mugt boldy