JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. Soňra ikiçäk hem-de iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümdäki gepleşikler geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Täjigistana saparynyň çäklerinde  Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşende şäheriniň başlygy Rustam Emomali, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Namoýandagon mejlisinyň başlygy Mahmadtoir Zokirzoda, Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň we Täjigistanyň sungat ussatlarynyň “Doganlyk agşamy” atly bilelikdäki konsertine gatnaşar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär