JEMGYÝET

“Parahat 7” ýaşaýyş toplumy: 20 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy gurlar

Aşgabat şäheriniň “Parahat 7” ýaşaýyş toplumynda 20 sany 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýoluny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýär B.Annamämmedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde  “Parahat 7” ýaşaýyş toplumynda durmuş maksatly binalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýoluny gurmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Russiýa» daşary işler ministrleriniň 9-njy duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Milli Geňeşiň palatalarynyň deputatlary Döwlet ýer kadastryny taýýarlamaga gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti halkara sport guramalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi