Aşgabatda «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň taslamasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Myhmanlaryň hatarynda Taslamanyň ösüş boýunça direktory Sergeý Tukmanow we Taslamanyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary Wiktor Sokolow bar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowyň gatnaşmagynda geçen duşuşykda ýurdumyzyň çäginde guraljak halkara ralli-reýd ýaryşynyň guramaçylygy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýaryşyň şu ýylyň 9 — 15-nji sentýabry aralygynda guralmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň konferens-zalynda geçirilen duşuşykda ýaryşyň geçiriljek ugruny kesgitlemek, gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, lukmançylyk hyzmatlary hem-de bäsleşikleriň geçirilýän pursatlaryndaky guramaçylyk işleri ýaly möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Öňde boljak ralli-reýdi gatnaşyjylaryň köp sanlysynyň hem-de bütin dünýäden bolan tomaşaçylaryň üns merkezinden ornuny tapar.
Ýeri gelende bellesek, ozal «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi uly üstünliklere beslenipdi. Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň Merkezi Aziýadaky iň iri ýaryşy hasaplanan halkara awtorallisine 20 ýurtdan bolan ekipažlaryň birnäçesi gatnaşypdy.