Paýtagtymyz Aşgabadyň ýaşaýjylary hem-de onuň myhmanlary üçin “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly we haly önümleri satyn almak has elýeterli boldy. Sebäbi, “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýtagtymyz Aşgabatda täze söwda nokady açyldy.
Şu gün Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Çeper” haly dükanynda “Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öndürýän biri-birinden owadan, göze ýakymly hem-de tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan haly önümleriniň söwda nokady açyldy.
“Abadan Haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2016-njy ýylyň 15-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berildi. Haly kärhanasy gysga wagtyň içinde öndürýän önümleriniň mukdaryny artdyrmak we ýokary hilliligini gazanmak hem-de täze iş orunlaryny artdyrmaklygy başardy.
Häzirki wagtda öndürýän önümlerini ýakyn we uzak ýurtlara eksport edýän “Abadan haly” kärhanasy özüniň nepis haly we haly önümleri bilen ýurdumyzyň senagat mümkinçiliklerine indi birnäçe ýyl bäri saldamly goşant goşup gelýär.
“Abadan haly” haly toplumynda öndürilýän dürli görnüşli halylar iň islegli harytlar hökmünde tanalýar. Olaryň arasynda öýleri bezemekde ulanylýan, awtoulaglaryň kürsüleri üçin niýetlenen halyçalar, ofis mebelleri üçin halylar hem bardyr.
“Abadan haly” haly önümleri daşary ýurtlardan import edilýän halylardan özüniň syklygy, galyňlygy, reňk durnuklylygy, nepisligi we çydamlylygy bilen tapawutlanýar.