2024-nji ýylyň 2-nji martynda Aşgabatdaky Amerikan merkezinde we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherleriniň Amerikan burçlarynda “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasy başlady. Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän AWE telekeçi aýal-gyzlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur bilimleri, aragatnaşyklary we elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirlen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamasydyr.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow we Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesiniň ýolbaşçysy Ýuriý Aronskiý Aşgabatda geçirilen dabara gatnaşdylar. Ilçi Klimow öz çykyşynda şeýle belledi: “Şu ýyl Türkmenistanyň AWE gatnaşýan 100-den gowrak ýurda, türkmen aýal-gyzlarynyň bolsa dünýä boýunça bu maksatnama gatnaşan 25,000-den gowrak zenanlaryň hataryna goşulýandygyna begenýäris. Bu maksatnama, gender deňligine we ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegine bolan ygrarlylygymyzyň subutnamasydyr. Dogry goldaw we çeşmeler bilen ykdysadyýeti üýtgedip, jemgyýetleri ösdürip we geljekki nesillere ylham berip biljek zenan telekeçileriň ulanylmadyk potensialyna bolan ynanjymyzyň aýdyň beýanydyr.” Jenap Aronskiý şeýle belledi: “Türkmenistanda zenan telekeçiligi goldamaga gönükdirilen AWE maksatnamasy, ähli telekeçiligiň we milli innowasiýa ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşýan işewürlik üçin möhüm tapgyrdyr!”
Öňümizdäki aýlarda, maksatnama gatnaşyjylar Arizona Döwlet Uniwersitetiniň “Thunderbird” Bütindünýä Dolandyryş Mekdebi tarapyndan işlenip düzülen onlaýn işewürlik kursuny tamamlarlar, hepdelik şahsy sapaklara gatnaşarlar we biznes meýilnamasyny düzerler. Soňra bu meýilnamalar 2024-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda meýilleşdirilýän jemleýji çärede görkeziler.