BIZNES

Ýanwar-fewral aýlary: makroykdysady görkezijiler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ilkinji iki aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 107,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,3 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Ýanwar-fewral aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,6 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,3 göterim möçberde saklanýar. Hasabat döwründe senagatda ösüş depgini 5,6 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwda ulgamynda 8,1 göterim, ulag we aragatnaşykda 6,6 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 3,9 göterim boldy. Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmak üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi