Türkmenistanyň bilim ministri B.Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet üçin «Bilim şäherçesinde» ýerleşen Kataryň Ylym we tehnologiýa boýunça orta bilim berýän mekdebi bilen tanyşdyrylyş dabarasy guraldy.
Tanyşdyryş dabaranyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň «Bilim şäherçesiniň» ýokary bilime çenli okuw we akedemiýa işleri bölüminiň başlygy hanym Abir Al Halifa bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykdan soňra, «Bilim şäherçesinde» ýerleşen uniwersitetleriň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklar guraldy. Türkmen wekiliýetiniň Bilim şäherçesinde ýerleşen Kataryň Milli kitaphananyň başlygy Hamad Al Kawary bilen duşuşygy hem geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda bolsa, türkmen wekiliýeti «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» şygary bilen geçirilýän «Ekspo – 2023 Doha» halkara sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýonyna aýlandylar. Umuman, iş saparynyň çäklerinde geçirilýän ähli çäreler türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze ädimleri alamatlandyryp, gatnaşyklaryň möhüm we netijeli ugurlaryny kesgitleýär. Türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary 28-nji fewrala çenli dowam eder.
