BILIM

Türkmenistan we Katar bilim pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Katar Döwletiniň paýtagty Dohada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň we Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory, jenap Abdulaziz bin Muhammed al-Horr arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Gurbangeldiýew iki ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen birnäçe teklipleri hödürledi. Olaryň arasynda özara kitaphana hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, onlaýn görnüşinde ylmy seminarlary, maslahatlary geçirmek, halkara gatnaşyklaryna degişli edebiýatlaryň arap dilindäki neşirleri Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy kitaphanasyna gowşurmak başga-da birnäçe teklipler girýär.

Iki ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksatlary bilen türkmen tarapyndan taýýarlanan hyzmatdaşlyk etmek boýunça “Ýol kartasynyň” taslamasyna hem garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Kataryň arasyndaky medeni-ynsanperwer we ylym-bilim gatnaşyklary mundan beýläk berkidiljegine ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar