JEMGYÝET

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi  24-nji maýda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

– GDA agza döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy Minsk şäherinde geçiriler we şol duşuşykda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň taslamasyna serediler – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň soňky mejlisi 2023-nji ýylyň oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilipdi. Şeýle hem 2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobdatdan daşary mejlisi geçirilipdi.

Related posts

Aşkabat 2017 Oyunlarının açılış ve kapanış törenine hazırlıklar başladı

vepa

Yrakda 12 ýyldan soň gar ýagdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze maliýe we ykdysadyýet ministri wezipä bellendi