SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BAE we Müsür 35 milliard dollarlyk syýahatçylyk zolagy gurar

Ortaýer deňziniň kenarynda ýakyn wagtda häzirki zaman şypahana toplumy peýda bolar. Bu dynç alyş zolagy Ras-el-Hekma ilatly nokadynyň golaýynda bolar. Bu welaýat ajaýyň deňiz kenarlary bilen meşhurdyr.

Bu şypahana toplumy Müsür tarapyndan durmuşa geçirilip, Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan golda berler. Dubaý 2 ýylyň dowamynda täze häzirki zaman dynç alyş infrastrukturasyny döretmek üçin 35 milliard dollar gönükdirmegi meýilleşdirýär.

Bu ugurda iki ýurduň arasynda degişli maýa goýum şertnamasyna gol çekildi.

– Şypahana toplumynyň gurluşygy 170,8 million inedördül metr meýdanda alnyp barlar. Geljekki syýahatçylyk zolagy millionlarça müsürli ýaşlara täze iş orunlaryny döreder – diýip, Müsüriň Premýer-ministri Mustafa Madbuli habar berdi.

Syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalar we güýmenje zolaklary dörediler. Şeýle hem ýörite işewürlik ýaşaýyş toplumlary gurlar.

Ylalaşyga laýyklykda, müsür tarapy bu syýahatçylyk zolagynyň girdejileriniň 35 göterimini almak hukugyna eýe bolar.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler