BIZNES

Türkmenistan Russiýa tebigy gaz ibermekdäki şertnamany doly ýerine ýetirdi

Türkmenistan 2023-nji ýylda Russiýa Federasiýasyna gaz üpjünçiligi baradaky şertnamany doly ýerine ýetirdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi iwan Wolynkin žurnalistlere beren beýanatynda belläp geçdi.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýewiň bellemegine görä, “Gazprom” bilen şertnamanyň çäklerinde 2023-nji ýylda 5 milliard kubmetr tebigy gaz ibermek meýilleşdirilipdi. “Gazprom” bilen türkmen tarapynyň arasyndaky şertnama 2024-nji ýylda hem hereket edýär. 2022-nji ýylda “Türkmengaz” agzalyp geçilýän şertnamanyň çäklerinde Russiýa 5 milliard kubmetr tebigy gaz iberipdi, 2021-nji ýylda bu görkeziji 10 milliard kubmetre deň bolupdy.

Rus ilçisi 2022-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky 1,6 milliard dollardan geçendigini belläp, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda geçirilen tükrmen-rus işewürler forumynyň netijesinde işewürlik hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşendigini belledi.

Iwan Wolynkin Russiýanyň Türkmenistanyň esasy 5 söwda hyzmatdaşynyň biridigini belläp, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň netijeli iş alyp barýandygyny aýtdy. Ol türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisiniň hem-de tükrmen-rus 2-nji işewürlik forumynyň şu ýylyň birinji ýarymynda geçirmegiň göz öňnüde tutulýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy