DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi Gyrgyzystana bardy

Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna iberilen suwuklandyrylan gaz hökmündäki ynsanperwer kömegi bu ýurda bardy. Şopokowa şäheriniň demirýol menziline 2000 tonna suwuklandyrylan gaz (57 wagon) äkiden otly baryp durdy. Bu barada Gyrgyzystanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen tarapy Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrik bekedinde emele gelen hadysa sebäpli bu ýurda ynsanperwer kömegini berdi.

Ynsanperwer ýüküni Gyrgyzystanyň Energetika ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, “Gyrgyztransneftegaz” döwlet kärhanasynyň, “Gyrgyz temir žoly” döwlet kärhanasynyň wekilleri kabul edip aldy.

Şeýle hem ynsanperwer ýüküniň kabul etmek dabarasynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Goliýew hem gatnaşdy.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Gyrgyzystanyň Prezidenti Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri