SPORT

Türkmenistan Gazagystan bilen duşuşar

14-nji martda Türkmenistanyň we Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparlarynyň arasynda dostlukly duşuşyk geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Iki toparyň tälimçileri ýetip gelýän duşuşygy saýlama oýunlaryna taýýarlygyň tapgyrlarynyň biri hasaplaýarlar. Türkmen futbolçylary 21-nji martda Tähranda we 26-njy martda Aşgabatda geçiriljek Eýranyň milli ýygyndysy bilen 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna taýýarlanýar. Gazak topary bolsa 21-nji martda Afinyda geçiriljek Gresiýanyň milli ýygyndysy bilen 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň pleý-off tapgyryna taýýarlanýar.

FIFA-nyň reýtingine görä Türkmenistan 141-nji, Gazagystan bolsa 100-nji ýerde ýerleşýär.

Toparlar eýýäm 3 gezek duşuşdy. Iki oýun deň hasap bilen tamamlandy we bir ýeňişi Gazagystanyň topary gazandy.

Related posts

Messiniň rekordy, Argentinanyň ynamly ýeňşi

Çempionlar ligasynyň ilkinji finalçysy – “Inter”

Ata Watan Eserleri

Pariž Olimpiadasynda ýeňiş gazanan özbek türgenler sylaglandy