DÜNÝÄ

Bilim ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiniň rektory Inom Majidow bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny we  Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meselelesini hem aratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetiň rektoryna gowşurdy.

Related posts

Rus-hytaý hyzmatdaşlygy: energetika, ulag we bilelikdäki filmler

Türkmenistanyň we Koreýanyň gümrük gulluklarynyň arasynda duşuşyk gurnaldy

Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler