SIZDEN GELENLER

Hormatly Prezidentimiziň kitaby – biziň esasy ýolgörkezijimiz

 Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçen ýylyň ahyrynda halkymyza gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň esasy ýolgörkezijimiz we gollanmamyzdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky «Beýik işlere çakylyk», «Nurana geljegiň aladasynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy», «Ýaşlar bilim ulgamynda», «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly», «Ýaş türkmen zenanlary — Berkarar döwletiň mertebe tugy», «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek», «Ýaşlar we şäher gurluşygy», «Watan goragy ynamly gollarda», «Milli mirasymyzyň eýeleri: edebiýat, sungat we ýaşlar», «Halkymyzy buýsandyran hoş habarlar — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri» bölümlerinde jemlenen maglumatlar bu ugurda amala aşyrylan beýik işleri aýdyň şöhlelendirýär.

Kitabyň sahypalarynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň bilimde, ylymda, sport äleminde, gurluşykda, oba hojalygynda, saglyk we beýleki ulgamlarda gazanan üstünlikleri giňden beýan edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn goldawlaryndan ylham alýan ýaşlar eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýärler. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bolsa ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

Täze kitapda ýurdumyzyň medeniýetde, sungatda, bilimde we sportda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda tapawutlanan ýaşlaryň atlary bilen bir hatarda, ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň hem adynyň tutulmagy biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Häzirki wagtda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, institutymyzyň talyp ýaşlarydyr professor-mugallymlary ýurdumyzda we halkara derejesinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän forumlara, ylmy-amaly maslahatlara, onlaýn duşuşyklara, döredijilik bäsleşiklerine gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde özleriniň makalalary, beýik akyldara bagyşlap ýazan eserleri bilen yzygiderli çykyş edýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp hem-de halkymyzyň erk-islegi esasynda 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrylmagy bolsa ýaşlary täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrýar.

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn netijesini berýär. Ata Watanymyza, merdana halkymyza, milli däp-dessurlarymyza, asylly ýörelgelerimize wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, hünär öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Muňa hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny okanyňda, has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu eser biziň ählimiz üçin gymmatly gollanma bolup, onuň ýaşlara we olaryň öňünde goýlan wezipelere bagyşlanmagy döwletimizde ýaş nesillere bildirilýän ynamyň örän uludygyny, watançy ýaşlaryň beýik geljegimizi gurujylardygyny görkezýär.

Muhabbet Döwletowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri