BILIMJEMGYÝET

2024-nji ýyl: diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy

Köp sanly okyjylarymyzyň haýyşlaryny hasaba alyp, dünýäniň dürli künjeklerindäki 2024-nji ýyl üçin diplomy ykrar edilýän uniwersitetleriň doly sanawyny Size täzeden ýetirýäris.

Bu habaryň soňunda size daşary ýurtda bilim almak bilen baglanşykly birnäçe habaryň linkini ýetirýäris.

Türkmenistanda diplomy ykrar edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň täzelenen sanawyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň köp sanly ýokary okuw mekdepleri girizilýär. Sanaw  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda dolulygyna neşir edildi.

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan kabul edilýän “Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawy-2024”  kesgitlendi.  Halkara bilim ulgamyndaky maglumatlary okyjylaryna yzygiderli ýetirip gelýän www.atavatan-turkmenistan.com saýty türkmen talyplarynyň iň köp bilim almak üçin gidýän ýurtlarynyň sanawyny aýratynlykda Size ýetirip gelýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran Karary bilen “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibi” tassyklanyldy.

Daşary ýurtda bilim almak isleýän ýaşlaryň şol sanawda orun alan ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy maslahat berilýär.

2024-nji ýylyň sanawy dünýädäki ýokary okuw mekdepleriniň, ýagny uniwersitetleriniň ählumumy reýtingini düzýän – “Times Higher Education World University Rankings”, “Moskwanyň uniwersitetler boýunça halkara reýtingi”, “QS World University Rankings” we “2024 Dünýä uniwersitetleriniň akademiki reýtingi” esasynda düzülýär.

Hormatly ýaşlar, siz 2024-nji ýylda ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny aşakdaky linklerden ýükläp alyp bilersiňiz.

  1. 3._Times_Higher_Education
  2. Moskwanyň uniwersitetler boýunça halkara reýtingi
  3. QS Dünýä uniwersitetiniň reýtingi 2024
  4. 2024 Dünýä uniwersitetleriniň akademiki reýtingi

Mahabat:

“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52  ýa-da  +90 530 251 36 73

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler