BIZNES

Gazagystan türkmen telekeçilerini işewürlik saparyna çagyrýar

Gazagystan we Türkmenistan söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegi yzygiderli dowam etdirýärler. Bu ugurdaky öňegidişlik, iki ýurduň işewür adamlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmaga gönükdirilen “Astana” diplomatik klubynyň işi bilen ýeňilleşdirilýär.

2023-nji ýylda Gazagystanyň telekeçileri Türkmenistanda işewürlik saparlarynda boldular. 2024-nji ýylyň 19-23-nji fewraly aralygynda “Astana” diplomatik kluby türkmen telekeçileri üçin Gazagystanyň paýtagtyna şuňa meňzeş syýahat taýýarlaýar.

“Astana” diplomatik klubynyň iş gezelençleri amaly netijelere – anyk şertnamalary, ylalaşyklary, taslamalary gazanmak üçin iň ýokary mümkinçilikleri döretmek maksady bilen gurnalýar.

Astana we Gazagystanyň täsin iş mümkinçilikleri bilen gyzyklanýan türkmen telekeçileri iş missiýasy barada Aşgabatdaky klub wekillerinden goşmaça maglumat alyp bilerler:

“Zemin Syýahat” hojalyk jemgyýeti: tel: +993 62 60 68 85

Işewürlik missiýasynyň deslapky programmasyny https://dipclub.kz/astana web sahypasynda tapyp bilersiňiz

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar