Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, wise-premýer Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda hasabat berdi.
Bu ugurda käbir teklipler beýan edildi.
- Şoňa laýyklykda, Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de giňeltmek maksady bilen şu ýylyň mart aýynda bu guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak göz öňünde tutulýar.
