Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna eden iş saparynyň çäklerinde Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň diňe goranç häsiýetine eýe bolan harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanşykly işleriň çäklerinde harby howa menziliniň işi, bu ýerde bar bolan uçarlaryň we dikuçarlaryň tehniki aýratynlyklary hem-de harby uçarmanlaryň gulluk we durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ýaragly güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhammedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak olaryň işini kämilleşdirmek bilen baglanşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bitraplyk dostlyk we hoşniýetli goňşyçylyk syýasatyna ygrarly Watanymyzyň diňe goranç häsiýetine eýe bolan harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna üns çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly güýçleriniň maddy enjamly binýadyny döwrebaplaşdyrmak aýratynda harby tehnikalaryň aýawly saklanmagyny harby uçarlarynyň uçuş gonuş zolagynyň bellenilen kada laýyk bolmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.
Şahsy düzümiň hünär derejesini nazarýet, jemgyýetçilik, syýasy we beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede gurmak bilen baglanşykly meseleler yzygiderli üns merkezinde saklanmalydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.