JEMGYÝET

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 13,1 milliard ýewro maýa goýdy

2023-nji ýylda ÝewropanyňTäzeleniş we ösüş banky 464 taslama üçin 13,1 milliard ýewro maýa goýumlaryny gönükdirdi. Bu barada degişli maliýe edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bank maýa goýumlarynyň 80% -ini ýa-da 10 milliard ýewrodan gowragyny hususy pudaga gönükdirdi, bu bolsa rekord görkeziji boldy.

Mundan başga-da, maýa goýumlarynyň 50% -i ýa-da 6,5 ​​milliard ýewrosy bolsa, “ýaşyl ykdysadyýet” ugurly taslamalara gönükdirildi.

Maýa goýum serişdleriniň 44 göterimi bolsa gender deňligi taslamalarynyň paýyna düşdi.

Related posts

ÝHHG-niň Ministrler geňeşinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleri beýan edildi 

Saýlanan Prezident Serdar Berdimuhamedow ynam bildiren saýlawçylara minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady